Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň wekiliýeti Pakistanda we Hindistanda gepleşikleri geçirdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň wekiliýeti Pakistanda we Hindistanda gepleşikleri geçirdi
Çap edildi 19.01.2018
1843

Türkmenstanyň wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynda we Hindistan Respublikasynda iş saparynda boldy. Yslamabatda we Nýu-Delide geçirilen gepleşikleriň jemleri barada hökümet mejlisinde wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy Raşid Meredow hasabat berdi. Habar berlişi ýly, 15-nji ýanwarda geçirilen türkmen-pakistan syýasy we ykdysady geňeşmeleriň gün tertibine döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda ikitaraplaýyn hökümetara toparynyň işiniň netijeleri baradaky meseleler girizildi. Halkara we sebitara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň özenini düzdi. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny we elektrik geçirijileri çekmek boýunça bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişine aýratyn ähmiýet berildi. Iş saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda diplomatik pasportlary bolanlar üçin wiza talaplaryny ýatyrmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Hindistan Respublikasyna 16-njy ýanwarda bolan iş saparynyň dowamynda Nýu-Deli şäherinde daşary işler ministrleriniň derejesindäki ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Onda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bolan döwletara hyzmatdaşlygynyň giň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Köptaraplaýyn esasda ösdürilýän dostlukly türkmen-pakistan we türkmen-hindi gatnaşyklary baradaky gürrüňe degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň taryhynda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça giň möçberli taslamanyň bilelikde durmuşa geçirilmegi sebitleýin çäkden çykýan ähmiýete eýedigini belledi. Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de Pakistan we Hindistan bilen we umuman, Aziýa sebiti boýunça goňşy ýurtlar bilen özara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmäge hem-de giňeltmäge meýillidigini aýdyp, milli Liderimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna özara peýdaly gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmek, häzirki ýagdaýy nazara almak bilen, onuň uly geljegi bolan ugurlaryny taýýarlamak üçin bar bolan mümkinçilikleri netijeli amala aşyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow