Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Aşgabatda türkmen-koreý parlamentara gatnaşyklarynyň ileti tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Syýasy habarlar
Aşgabatda türkmen-koreý parlamentara gatnaşyklarynyň ileti tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Çap edildi 19.01.2018
1859

Mejlisinde Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Wekiliýete Koreýa-Türkmenistan parlament dostluk toparynyň ýolbaşçysy, ylym, teleradiogepleşikler we aragatnaşyk boýunça komitetiniň agzasy jenap Park Deçul ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň barşynda myhmanlar ýurdumyzyň ýokary kanunçykaryjylyk edarasynyňesasy wezipeleri, onuň düzümi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeler babatda işiniň ugurlary bilen tanyşdyryldy. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda berk kanunçylyk binýady döredildi. Birleşen Milletler Guramasynyň möhün konwensiýalaryna goşulmak bilen birlikde geçirilýän işler türkmen döwletiniň dünýäniň hukuk giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna hemmetaraplaryn ýardam edýär. Işlenip taýýarlanylýan we kabul edilýän resminamalar demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmaga, Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan okgunly ösmegine, onuň halkara abraýynyň has-da ýokarlanmagyna, ýurdumyzyň ilatynyň durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna, adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Ýurdumyzyň parlamentiniň halkara hukugynyň kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak ulgamynda alyp barýan işiniň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Duşuşygyň çäklerinde türkmen-koreýa döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösmegine ýardam edýän parlamentara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýanynda hem-de Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň ýanynda döredilen türkmen-koreý dostluk topalarynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu toparlaryň işi biziň döwletlerimiziň we halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga, kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmaga ýardam edýär. Hususan-da, iki ýurduň parlamentarileriniň adam hukuklaryny goramak, halkara gatnaşyklary ösdürmek ulgamyndaky işine degişli meselelere degilip geçildi. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Mejlisiniň Koreýa Respublikasynyň kanunçykaryjy edarasy bilen özara gatnaşyklarynyň wajyp ugurlarynyň geljeginiara alyp maslahatlaşyp, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. *** Koreýa Respublikasynyň parlamentarileriniň wekiliýetiniň şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçiren duşuşygynyň barşynda hem hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow