Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti harby-howa enjamlarynyň döwrebap nusgalary bilen tanyşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti harby-howa enjamlarynyň döwrebap nusgalary bilen tanyşdy
Çap edildi 17.01.2018
2406

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Harby-howa güýçleriniň bölümleriniň birinde baryp, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy. Ir bilen döwlet Baştutanymyz harby bölümleriň birine bardy. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň goranmak ministri Ý.Berdiýew hormatly Prezidentimize Harby-howa güýçleriniň düzümleriniň harby bölümlerindäki işleriň ýagdaýy, milli goşunymyzyň kuwwatynyň we goranyş ukybynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen iri möçberli harby özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öz bitaraplyk derejesine üýtgewsiz ygrarly hem-de goranyş häsiýetli Harby doktrinany durmuşa geçirýän Türkmenistan geljekde hem ýurdumyzyň parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň kepili bolan özüniň goranyş ukybyny pugtalandyrmak hakynda tagalla eder diýip belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, geljekde hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini iň täze ýörite tehnikalar bilen üpjün etmek hem-de serkerdeleriň we esgerleriň netijeli gullugy ýaşaýyş-durmuşy üçin ähli şertleri üpjün etmek bu ulgamda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselesiniň amala aşyrylýan harby özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Goranmak ministrliginiň ýolbaşçylaryna ýaş esgerleriň, şol sanda Harby-howagGüýçleriniň harby gullukçylarynyň hünär derejesini, nazaryýet, jemgyýetçilik-syýasy hem-de beden taýdan taýýarlygyny ýokarlandyrmak meselelerini hemişe gözegçilikde saklamak tabşyryldy, esgerler watançylyk , edermen türkmen serkerdeleriniň iň gowy nusgalarynyň ruhunda terbiýelenilmelidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýuurdumuzyň Harby-howa güýçleriniň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekip, islendik beýleki döwlet ýaly, Türkmenistan hem öz serhetleriniň ygtybarly goragyny üpjün etmelidigini belledi. Muňa yzygiderli ýagdaýda geçirilýän harby-türgenleşik okuwlary gönükdirilendir, olar harby gullukçylaryň hünär ussatlyk derejesine, milli goşunymyzyň kuwwatyny hem-de goranyş mümkinçiliklerini äşgär etmelidir. Soňra döwlet Baştutanymyz täze harby dikuçara münüp, ýurdumyza gelip gowşan täze harby tehnikanyň mümkinçiliklerini hut özi synap görmek üçin ony ussatlyk bilen dolandyrdy. Belent Serkerdebaşymyz gönüden-göni uçuşyň barşynda häzirki zaman kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen dikuçaryň ýokary tehniki häsiýetnamalaryny barlady, bu enjamlar bu söweşjeň maşynyň harby-taktiki mümkinçiliklerini birnäçe esse ýokarlandyrýar. Türkmenistan özüniň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny artdyrmak bilen bir hatarda dünýä bilelşigi tarapyndan goldanylan hem-de şu ýyllaryň dowamynda diňe bir ýurdumyzda däl-de, tutuş sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň örän möhüm şerti bolup çykyş edýän özüniň Bitaraplyk derejesine hemişe ygrarly boldy we şeýle bolmagynda galýar. Biziň ýurdumyz ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine hem-de wesýetlerine eýermek bilen, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlygy esasynda daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrýar. Merdana esgerlerimiziň eziz Watanymyzy goramakda mukaddes harby borjy päk ýürekli, kemsiz berjaý etmegi parahat durmuşymyzyň, abadan we döredijilikli zähmetimiziň, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň çäk bitewiligini, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny goramagyň kepilidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uçuşy tamamlap, bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
07.05
Watan gahrymanlarynyň hormatyna dabaralar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
top-arrow