Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
15–16-njy ýanwarda Yslamabatda türkmen-pakistan daşary syýasat edaralarynyň geňeşmeleri geçiriler
Syýasy habarlar
15–16-njy ýanwarda Yslamabatda türkmen-pakistan daşary syýasat edaralarynyň geňeşmeleri geçiriler
Çap edildi 12.01.2018
1828

15–16-njy ýanwarda DIM-niň wekiliýeti iş sapary bilen Yslamabatda bolar. Şol ýerde türkmen-pakistan daşary syýasat geňeşmeleri geçiriler. Duşuşygyň gün tertibine döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri we ikitaraplaýyn Hökümetara toparynyň işi giriziler. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyny we beýleki bilelikdäki möhüm taslamalary, hususan-da, elektroenergetika we aragatnaşyk pudaklarynda, ulag-kommunikasiýa toplumynda taslamalaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berler. Iş saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi hem göz öňünde tutulýar. Aziýa sebiti boýunça goňşy ýurtlar, şol sanda Pakistan Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow