Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda
Çap edildi 05.01.2018
2869

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek barada beren tabşyryklaryna laýyklykda, Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişigini döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, welaýatyň ilatynyň käbir etraplary birikdirmek, olaryň taryhy atlaryny dikeltmek baradaky tekliplerini kanagatlandyrmak maksady bilen, welaýat häkimliginiň towakganamasyny hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r : 1. Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabyny ýatyrmaly. 2. Şu kararyň goşundysyna laýyklykda: 1) Altyn asyr etrabynyň ýerleriniň: 307903 ga ýerini Kaka etrabynyň dolandyryş çägine; 26700 ga ýerini Sarahs etrabynyň dolandyryş çägine; 271152 ga ýerini Tejen etrabynyň dolandyryş çägine geçirmeli; 2) Ak bugdaý etrabynyň ýerlerinden 15303 ga ýeri hem-de Kaka etrabynyň ýerlerinden 34138 ga ýeri Tejen etrabynyň dolandyryş çägine geçirmeli. 3. Altyn asyr etrabynyň: Çäçe, Mäne geňeşliklerini Kaka etrabynyň düzümine; Balykçylyk geňeşligini Sarahs etrabynyň düzümine; Döwletli, Gurban Durdy, Lukman, Waharman geňeşliklerini, Altyn asyr şäherini hem-de onuň dolandyryş tabynlygyndaky Ak altyn, Bugdaýly, Maldarçylyk obalaryny Tejen etrabynyň düzümine geçirmeli. 4. Ahal welaýatynda Babadaýhan etrabyny döretmeli hem-de şu kararyň goşundysyna laýyklykda, Tejen etrabynyň ýerlerinden 1406838 ga ýeri onuň dolandyryş çägine we Tejen etrabynyň düzüminden Babadaýhan şäherini, Ak altyn, Akwekil, Alty Garlyýew adyndaky, Garawekil, Hasyl, Täzeýol, Ýarygökje, Zähmet geňeşliklerini hem-de Seleňli geňeşliginiň Çili, Götin, Mamur obalaryny bu etrabyň düzümine geçirmeli. 5. Babadaýhan etrabynyň Çili obasyny Akwekil geňeşliginiň, Götin obasyny Täzeýol geňeşliginiň, Mamur obasyny Zähmet geňeşliginiň düzümine geçirmeli. 6. Kaka şäheriniň etrap hukukly derejesini üýtgetmeli we oňa etrapdaky şäher derejesini bermeli hem-de Kaka şäherini we onuň dolandyryş tabynlygyndaky Hywaabat obasyny Kaka etrabynyň düzümine geçirmeli. 7. Babadaýhan etrabynyň Babadaýhan şäherini Babadaýhan etrabynyň, Kaka etrabynyň Kaka şäherini Kaka etrabynyň dolandyryş merkezi edip bellemeli. 8. Baharly etrabynyň we onuň Baharly şäheriniň adyny üýtgedip, olara Bäherden adyny dakmaly hem-de degişlilikde Bäherden etraby we Bäherden şäheri diýip atlandyrmaly. 9. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 36-njy madda) bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli. 10. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti Ahal welaýat häkimligi bilen bilelikde welaýatyň dolandyryş çäginiň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli. 11. Şu karar gol çekilen gününden güýje girýär.

Soňky habarlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
07.05
Watan gahrymanlarynyň hormatyna dabaralar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
top-arrow