Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Özbegistanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy bilen gutlady
Syýasy habarlar
Özbegistanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy bilen gutlady
Çap edildi 04.01.2018
1427

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Özbegistan Respublikasynyň köp milletli halkynyň adyndan we hut öz adymdan ýurtlarymyzyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Size hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Geçen gysga taryhy döwrüň içinde bize köpasyrlyk hem-de däp bolan ysnyşykly özbek-türkmen gatnaşyklaryny dostluk, mizemez hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege ynanyşmak we deňhukuklylyk, özara goldaw bermek hem-de umumy bähbitleri nazara almak ýörelgelerine esaslanýan strategiki hyzmatdaşlygyň derejesine çykarmagyň başardandygyny çuňňur kanagatlanma duýgusy bilen bellemek isleýärin. Soňky ýylda ýokary derejede Türkmenistana saparyň üstünlikli amala aşyrylmagy, biziň yzygiderli duşuşyklarymyz hem-de açyklyk we doly özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikleriňiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda hakyky ösüş gazanmaga, ony iş ýüzünde anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etdi. Bilelikdäki tagallalar bilen söwda, önümçilik gatnaşyklarymyz, ulag we üstaşyr, energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygymyz täze ösüşe eýe boldy, medeni-ynsanperwer alyşmalar işjeňleşdirildi. Biz ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň örän möhüm we geljegi uly ugruny açdyk—ýurtlarymyzyň serhetýaka sebitleriniň arasynda göni gatnaşyklar ýola goýuldy. Biziň ýurtlarymyz oňyn hyzmatdaşlygy dowam edýärler we halkara giňişliginde hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde birek-biregi goldaýarlar. Biziň Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky köp ugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga berk ygrarlydygymyzy nygtaýaryn. Munuň özi bolsa halklarymyzyň jana-jan bähbitlerine doly derejede kybap gelýär hem-de tutuş Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Siziň Özbegistan Respublikasyna boljak saparyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Bu sapar taryhy waka bolar, özbek-türkmen gatnaşyklarynyň ägirt uly kuwwatyny hemmetaraplaýyn has doly açmaga ýardam eder. Meniň dostum we doganym, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, maşgala bagtyny hem-de abadançylyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin! Çuňňur hormatlamak bilen, Şawkat Mirziýoýew Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow