Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Aşgabatda russiýaly sirk artistleriniň çykyşlary görkeziler
Medeniýet
Aşgabatda russiýaly sirk artistleriniň çykyşlary görkeziler
Çap edildi 15.12.2017
2634

Ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl mynasybetli paýtagtymyzda badalga berlen çäreler ýakyn günlerde beýleki baýramçylyk şüweleňleri bilen dowam eder. Olaryň hatarynda däbe öwrülen Russiýa Federasiýasyndan sirk artistleriniň çykyşlary bolup, olar Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam etmeginde guralýar. 17-nji dekabrda olaryň çykyşlary başlanar. Myhmanlaryň çykyşlary “Ýeňijilere şöhrat!” diýlip atlandyrylýar. Çünki oňa öz işiniň ussatlary gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda ýokary sylaglaryň eýeleri, sirk sungatynyň halkara we bütin russiýa bäsleşikleriniň ýeňijileri bar. Maksatnamanyň çeper ýolbaşçysy, RF-nyň at gazanan artisti Aleksandr Ananýewiň gürrüň berşi ýaly, çykyşlara gatnaşyjylaryň her biri özboluşly bolup, olaryň ählisi hem tomaşaçylarda kanagatlanma duýgusyny döredip, olary şatlandyrmak, özüne çekiji baýramçylyk şowhunyny görkezmek isleýärler. Sirk sungatynyň ussatlarynyň tomaşaçylara hödürleýän çykyşlary žanrlarynyň uly köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Bular kemerleriň üstünde haýran galdyrýan howa akrobatikasy we maşklardyr, geň galydyjy darbazçylykdyr, jonglýorlyk etmekdir, welospide sürüjiniň çylşyrymly emelleridir, masgarabazlaryň çykyşydyr, dört aýakly artistleriň gatnaşmagynda dürli çykyşlar we beýlekilerdir. Çykyşlaryň özüne çekijileriniň biri Marina Rudenkonyň täsin haýwanlarynyň çykyşydyr. Batyrgaý tälimçi zenan leopardlary, krokodilleri we pitonlary birleşdirmegi başarypdyr. Sahna tälim berlen wäşi hem-de düşbi itleri bilen Gražina Zabukaýte çykar. “Möjek we ýedi owlak” atly erteki esasynda goýlan sirk sahnasy tomaşaçylaryň şatlygyny artdyrar. Elbetde, Russiýanyň at gazanan artisti Igor Maýorowyň ýolbaşçylygyndaky “Rusiçi” akrobatik topary hem-de “Halas edijiler” toparynyň türgenleri çykyşlaryň öwüşginini artdyrar. Sirkiň belentliginde howa türgenleri öz çeýeligini we dogumlylygyny görkezerler. Agyr daşlary göterýän, şeýle hem ýeňil toplary oýnaýan Sergeý Žbanow mähellä öz çeýeligini we ussatlygyny görkezer. Aleksandr Ananýewden we Aleksandr Brilliantowdan ybarat bolan masgarabazlar topary şadyýan tilsimlerini mähellä görkezerler. Olara ýene-de bir meşhur masgarabaz kömek eder, ol ozal hem türkmen sirkinde ençeme gezek çykyş etdi. Häzir bolsa baýramçylyk şowhunyny alyp baryjy—RF-nyň at gazanan artisti Wladimir Starikowdyr. Sirk maksatnamasynda bu täsinligiň asyrlar boýy dowam edip gelýän däpleri hem-de häzirki zaman sirk çykyşlaryna mahsus bolan özboluşly täzelikleri sazlaşykly utgaşýar. Aşgabatda dürli öwüşginli sirk çykyşlarynyň çäklerinde daşary ýurtly myhmanlaryň şüweleňleri türkmen tomaşaçylary üçin, aýratyn-da, gyşky dynç alyş günlerinde çagalar üçin ajaýyp sowgat bolar. Şonuň bilen birlikde bu medeni çäre ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge täze itergi berer. Sirk sungaty ýurdumyzyň dürli öwüşginli medeni ulgamynda öz mynasyp ornuny eýeleýär. Bu gün onuň sahnasynda dünýä belli bolan türkmen çapyksuwarlary çykyş edip, artistçilik nebereleri döreýär. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de “Türkmen jigitleri” toparynyň çykyşlary tomaşaçylarda uly täsir galdyrýar. Olar soňky ýyllarda bütindünýä sirk festiwallarynda we abraýly halkara bäsleşiklerinde ençeme baýraklara mynasyp boldular. Türkmen çapyksuwarlary ýurdumyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda ajaýyp çykyş etdiler, “Galkynyş” toparynyň ýolbaşçysyna bolsa Aziada—2017-niň alawuny ýakmak hormaty berildi. Daşary ýurtly köp sanly sirk toparlarynyň çykyşlary ýurdumyzda uly gyzyklanma döredýär. Şu ýylyň aprel aýynda Döwlet sirkiniň sahnasynda russiýaly sirk artistleriniň çykyşlary guraldy, iýun aýynda bolsa türkmen we amerikan artistleriniň şowhunly maksatnamasy geçirildi. Bu ulgamda giň halkara hyzmatdaşlyk artistleriň ussatlygyny kämilleşdirmek, dünýä medeniýetinde bar bolan ähli gowy zatlary gazanmakda tejribe alyşmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şu ugry hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn nygtap, milletiň mirasyny sungatyň üsti bilen wagyz etmek barada aýdýar. Russiýanyň meşhur artistleriniň baýramçylyk çykyşlary 17-nji dekabrdan 14-nji ýanwara çenli aralykda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sahnasynda geçiriler.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow