Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Täze ýylyň öňýanyndaky günlerde türkmenistanlylara baý medeni maksatnama garaşýar
Medeniýet
Täze ýylyň öňýanyndaky günlerde türkmenistanlylara baý medeni maksatnama garaşýar
Çap edildi 15.12.2017
2923

Hökümetiň mejlisinde wise-premýer A. Garajaýewiň habar berşi ýaly, täze, 2018-nji ýyly garşylamaga işjeň taýýarlyk görülýär. Täze ýylyň öňýanyndaky günlerde paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň merkezi meýdançalarynda we medeni merkezlerinde konsertler hem-de beýleki döredijilik çäreleri geçiriler. Baýramçylyk maksatnamasynda Russiýa Federasiýasynyň 17-nji dekabrdan 14-nji ýanwar aralygynda geçiriljek sirk artistleriniň çykyşlary bar. 15-nji dekabrda welaýatlaryň meýdançalarynda hem-de paýtagtymyzyň “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde oturdylan Baş arçalaryň yşyklarynyň ýakylmagyndan çagalar döredijilik toparlarynyň, teatr we estrada artistleriniň gatnaşmagynda Täze ýyla bagyşlanan köpsanly çäreler badalga alýar. Ýaş zehinli aýdymçylaryň arasyndaky bäsleşigiň jemleri jemleniler hem-de onuň ýeňijileriniň jemleýji konserti geçiriler. Magtymguly adyndak milli sazly drama teatrynda türkmen hem-de amerikan aýdymçylarynyň bilelikdäki konserti geçiriler. Gökderäniň we welaýatlaryň çagalar sagaldyş merkezlerinde mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş günlerinde hem Täze ýyla bagyşlanan baýramçylyk çärelerini geçirmek maksat edinilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanylan ähli dabaralaryň şadyýanlyk, bolçulyk we myhmansöýerlik ýagdaýynda giňden we nurana geçirilmelidigini nygtady.

Soňky habarlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
29.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 821 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow