Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet baştutanlarynyň birnäçesi Türkmenistanyň Prezidentini Halkara Bitaraplyk güni bilen gutladylar
Syýasy habarlar
Döwlet baştutanlarynyň birnäçesi Türkmenistanyň Prezidentini Halkara Bitaraplyk güni bilen gutladylar
Çap edildi 14.12.2017
1468

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolandan soňra Türkmenistan sebitde durnuklylygyň kepiline öwrüldi. Siziň başlangyjyňyz boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi Siziň ýurduňyzyň sebitde we bütindünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň kemala gelmegine goşýan goşandynyň ykrarnamasydyr. Türkiýe geljekde hem Siziň alyp barýan Bitaraplyk syýasatyňzy goldar diýlip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen hatynda bellenilýär. Türkmenistan bilen dostluk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi biziň ýurdumyz üçin ileri tutulýan ugurdyr. Siziň Alyhezretiňiziň öňden görüjiligi netijesinde alnyp barylýan Bitaraplyk syýasaty Türkmenistanyň sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň we ösüşiň bähbidine geçirýän oňyn işleriniň netijeliligini şertlendirýär diýlip, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň hatynda aýdylýar. Bu baýram türkmen halkynyň parahatçylykda we sazlaşykda ýaşamak isleýändigini aýratyn aýdyň beýan edýär hem-de sebit we ählumumy derejede durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine ýardam berýär. Pakistany we Türkmenistany parahatçylyga, abadançylyga we ykdysady ösüşe ýetmekde umumy maksatlar birleşdirýär. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky bar bolan ýygjam we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde özara bähbitli ähli ugurlarda geljekde hem pugatalandyryljakdygyna ynanýaryn diýlip, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn belleýär.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow