Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
“Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy milli Liderimize Galkynyş känindäki işleriň barşy barada habar berdi
Syýasy habarlar
“Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy milli Liderimize Galkynyş känindäki işleriň barşy barada habar berdi
Çap edildi 11.12.2017
1507

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublkasynyň “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy we baş ýerine ýetiriji direktory Sung Sang-Roky kabul etdi. Işewür özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutnymyzy dünýä bileleşigi tarapyndan şu günler giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady. Şeýle hem Sung Sang-Rok milli Liderimizi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda türkmen türgenleriniň ýokary netijeleri bilen gutlap, munuň ösüşiň ýoly bilen ýurduň ynamly öňe barýandygynyň aýdyň görkezijisidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz meşhur kompaniýanyň wekiline mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň döwletimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler strategiýasynyň esasy wezipeleriniň biridigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň işewür toparlary bilen köp ýyllyk gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini hem-de anyk netijelere gönükdirilendigini kanagatlanma bilen nygtap, işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Söhbetdeşligiň barşynda innowasiýalaryň ornaşdyrylmagynyň, tebigy serişdeleri senagat taýdan gaýtadan işlemek ulgamynda hem-de türkmen ykdysadyýetiniň senagat pudagyny, şol sanda ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmakda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň iri möçberli meýilnamalaryny amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýändigi aýdyldy. Sung Sang-Rok şeýle hem Türkmenistanyň Baştutanyna Galkynyş känindäki işleriň barşy hem-de kompaniýanyň bina edýän desgalarynda işleriň ýagdaýy barada habar berdi. Kompaniýanyň ýolbaşçysy, şeýle hem netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, türkmen tarapyna täze özara bähbitli teklipleri bermäge taýýardygy barada aýtdy. Sung Sang-Rok bildirilen ýokary ynam üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalarynyň ählisini takyk ýerine ýetirmek üçin hemme tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow