Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
“Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy geljegi uly türkmen bazarynda tutýan ornuny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýär
Syýasy habarlar
“Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy geljegi uly türkmen bazarynda tutýan ornuny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýär
Çap edildi 11.12.2017
1400

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi hem-de Türkmenistanyň ähli halkyny Halkara Bitaraplyk güni bilen mähirli we tüýs ýürekden gutlady hem-de iň oňat arzuwlaryny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bidlirip, ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýlan türk kompaniýalarynyň durmuşa geçirýän işlerine ýokary baha berdi. Söhbetdeşligiň barşynda häzirki wagtda Türkmenistanyň bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýändigi hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde ajaýyp üstünlikleriniň ykrar edilýändigi bellenildi. Myhman türkmen Lideriniň goňşy ýurtlar bilen bolşy ýaly, dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli döwletleri bilen hem giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli alyp barmagy netijesinde, işewür toparlaryň wekilleri, şol sanda özgertmeler maksatnamalarynyň we taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşmaga çalyşýan türk kompaniýalary bilen ýakyn işewür gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüni ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görkezen daşary ýurt kompaniýalary bilen uzakmöhletli özara gatnaşyklar üçin Türkmenistanyň açykdygyny belledi. Dünýäniň iň oňat tejribesini hem-de iň täze tehnologiýalary çekmäge uly ähmiýet berilýän milli ykdysadyýetimiziň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýalaşdyrylmagy köpsanly dürli ähmiýetli täze desgalaryň gurulmagyny göz öňünde tutýar. Şol desgalar ähli babatda ýokary halkara ölçeglerine kybap gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy geljegi uly türkmen bazarynda tutýan ornuny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini beýan edip, türkmen hyzmatdaşlaryna bar bolan ähli tejribelerini we mümkinçiliklerini hödürlemäge taýýardygyny aýtdy, şeýle hem durmuş-medeni we senagat ähmiýetli desgalaryň gurluşygy boýunça ynanylan taslamalaryň ýerine ýetirilişiniň barşy barada habar berdi. Hususan-da, Ahal welaýatynda Owadandepe diýen ýerde tebigy gazdan ýokary hilli awtomobil benzinini öndürjek dünýäde deňi-taýy bolmadyk zawod bolan möhüm desganyň gurluşygy boýunça geçirilýän işler barada habar berildi. Duşuşygyň ahyrynda işewür bildirilýän ynam üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow