Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen taekwondoçylarynyň üstünligi
Sport
Türkmen taekwondoçylarynyň üstünligi
Çap edildi 01.12.2017
3723

Şu gün Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde söweş sungatlarynyň görnüşleriniň VII halkara oýunlary badalga aldy. Oýunlaryň çäklerinde başa-baş söweşleriň 15 görnüşi boýunça ýaryşlar geçirilýär. Bu däp bolan ýaryş başa-baş söweşleriň Olimpiýa oýunlaryna girmeýän görnüşlerini birleşdirip, ahyrky netijede olary Olimpiýa görnüşleriniň derejesine ýakynlaşdyrmak üçin halkara derejesinde öz mümkinçiliklerini barlamaga ýagdaý döredýär. Ýaryşlaryň ilkinji güni Türkmenistanyň ýygyndy toparyna birbada üç medal getirdi. Olaryň ählisi hem taekwando görnüşinde. Goşanyýaz Durdyýew 64 kilograma çenli agram derejesinde jemleýji tutluşykda Özbegistanyň ýygyndysyndan bolan tejribeli garşydaşyndan üstün çykyp, altyn medala eýe boldy. Tul görnüşinde (toplumlaýyn maşklar) Orazmyrat Çaryýew bürünç medaly gazandy. Gyzlarymyz hem üstünlikli çykyş etdiler. Mähri Agaýewa 51 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy. Baýraklara mynasyp bolanlaryň ählisiniň Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplarydygyny bellemek gerek. Ýaryş 3-nji dekabra çenli dowam eder. Häzirki üstünlikli badalga bolsa biziň türgenlerimiziň Minskide ýene-de ençeme gezek begendirjekdigine umyt döredýär.

Soňky habarlar
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
03.11
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
02.11
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
top-arrow