Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar
Çap edildi 01.12.2017
1322

Şu ýylyň 4–5-nji dekabrynda wise-premýer, daşary syýasat edaranyň ýolbaşçysy Raşid Meredow Moskwada Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar. Bu duşuşyga görülýän taýýarlyk barada Türkmenistanyň hökümetiniň mejlisinde habar berildi. Wise-premýeriň sözlerine görä, maslahatyň barşynda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň V sammitiniň gün tertibi bilen bagly meselelere garalar. Şol sammiti 2018-nji ýylda Gazagystan Respublikasynda geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka sebitiniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda konwensiýanyň taslamasyna aýratyn üns bererler. Şeýle hem Hazarda özara gatnaşyklaryň dürli ugurlaryna degişli bolan bäştaraplaýyn resminamalaryň taslamalary, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň Astrahanda geçirilen IV Hazarýaka sammitinde teklip eden söwda-ykdysady ulgamda we ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklar boýunça geňeşmeleri dowam etmek göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Hazar bilen bagly meseleleriň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup, onuň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň sözlerine görä, Hazar sebiti Ýewraziýa giňişliginde möhüm geosyýasy we ykdysady, strategiki energetika we ulag-aragatnaşyk merkezleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap Türkmenistan Hazar deňzi hem-de onuň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany işläp taýýarlamak meseleleri boýunça gepleşiklerde işjeň orny eýeleýär.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow