Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan - ÝHHG: häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça doly derejeli gepleşiklere
Syýasy habarlar
Türkmenistan - ÝHHG: häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça doly derejeli gepleşiklere
Çap edildi 28.11.2017
1368

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Tomas Greminger bilen duşuşyk geçirildi, ol ýurdumyza Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine gatnaşmak üçin geldi. Türkmenistanyň 2017-nji ýylda energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynda başlyklyk etmeginiň barşynda halkara hyzmatdaşlygyň netijeli uzakmöhletleýin nusgalaryny işläp taýýarlamagyň möhüm ugurlary gyzyklanma bildirilip pikir alyşmalaryň meselesi boldy, duşuşykda şeýle hem geljekki ýedi ýyl üçin durmuş-ykdysady ösüşiň ýakynda kabul edilen maksatnamasy bilen baglylykda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi, ol başlangyçlar dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe boldy hem-de BMG-niň degişli Rezolýusiýalary bilen berkidildi. Bellenilişi ýaly, energetika howpsuzlygy yklymdaky geosyýasy ýagdaýyň durnuklylygyna täsirini ýetirýär, makroykdysady meseleleriň häsiýeti we mazmuny Türkmenistan bilen ÝHHG-iň hyzmatdaşlygynyň gün tertibiniň möhüm meselesi bolup durýar, ol ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerini öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda energetika babatynda gepleşikleriň işjeňleşdirilmeginiň, munuň üçin syýasy, maliýe-ykdysady, tehnologiýa, energiýa howpsuzlygynyň ekologiýa ugurlary, energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegiň köpugurly düzümleriniň hoşniýetlilik, deňhukuklylyk hem-de aýanlyk esasynda hyzmatdaşlygyny höweslendirmek boýunça köptaraplaýyn geňeşmeleriň gurallaryny peýdalanmagyň zerurdygy nygtaldy. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň şu gezekki mejlisine bu ugurda möhüm we täsirli ädim hökmünde garalýar diýip, ÝHHG-niň Baş sekretary belledi we Türkmenistanyň öz bitaraplyk hukuk derejesi arkaly dünýä energetika giňişliginde özara gatnaşyklaryň netijeli we adalatly nusgasyny döretmegiň bähbidine ähli döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmeginde öňdäki orunlaryň birini eýeläp biljekdigine hem-de eýelejekdigine ynam bildirdi. Türkmenistan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwlet bolmak bilen, ÝHHG-niň giňişliginde köptaraply hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň tarapdary hökmünde çykyş edýär, munuň özi ösüşiň umumydünýä meýillerine düýpli täsir ýetirmäge ýardam berer. Biziň ýurdumyz bu Guramanyň döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we görnüşleriniň giňeldilmegine tagallalaryny doly goldaýar hem-de geljekde hem ÝHHG-niň dünýäde ornunyň pugtalandyrylmagyna, onuň gymmatlyklarynyň ornaşdyrylmagyna öz goşandyny goşar. Duşuşyga ÝHHG-niň merkeziniň baştutany Natalýa Drozd hem gatnaşdy, taraplar duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň özara hormat goýmak, duşünişmek ýörelgelerinde netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine uly ähmiýet berýändiklerini hem-de häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça doly derejeli gepleşikleri ugur edinýändiklerini tassykladylar.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow