Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişigine üýtgeşmeler girizildi
Syýasy habarlar
Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişigine üýtgeşmeler girizildi
Çap edildi 27.11.2017
2472

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek, iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisi Lebap welaýatynyň, onuň şäherleriniň we etraplarynyň häkimlikleriniň hem-de degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde welaýatyň etraplarynyň hem-de şäherleriniň ýerleşiş ýagdaýlarynyň ykdysady netijeliliginiň, olary birikdirmegiň maksada laýyklygynyň seljermesini geçirdi. Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişigini döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek, welaýatyň ilatynyň käbir etraplary we şäherleri birikdirmek, olaryň taryhy atlaryny gaýtadan dakmak baradaky tekliplerini kanagatlandyrmak maksady bilen, şeýle hem welaýat häkimliginiň towakganamasyny hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär: 1. Şu kararyň goşundysyndaky çyzga laýyklykda Döwletli etrabynyň ýerlerinden 143852 ga ýeri Hojambaz etrabynyň dolandyryş çägine geçirmeli. 2. Magdanly, Seýdi şäherleriniň etrap hukukly şäher derejesini üýtgetmeli we olara etrapdaky şäher derejesini bermeli, Magdanly şäherini hem-de onuň Çärjew we Ýürekdepe geňeşliklerini Köýtendag etrabynyň, Seýdi şäherini we onuň Gabakly we Isbaz geňeşliklerini Galkynyş etrabynyň düzümine geçirmeli. 3. Döwletli etrabynyň Tallymerjen geňeşliginiň Tölekguýy obasyny Hojambaz etrabynyň Galkynyş geňeşliginiň düzümine geçirmeli. 4. Serdarabat etrabynyň Guşçular geňeşliginiň Guşçular obasyna şäherçe derejesini bermeli we bu geňeşligiň Darganly, Garawul, Marküş, Orazaly, Ulywahym, Ýaňyaryk obalaryny Guşçular şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna geçirmeli. 5. Şu etraplary ýatyrmaly, olaryň dolandyryş çäginiň ýerlerini we dolandyryş-çäk birliklerini degişli etraplaryň düzümine geçirmeli: 1) Beýik Türkmenbaşy adyndaky etraby Döwletli etrabyna; 2) Garaşsyzlyk etrabyny Galkynyş etrabyna; 3) Garabekewül etrabyny Halaç etrabyna; 4) Sakar etrabyny Saýat etrabyna. 6. Şu etraplaryň we şäherçeleriň adyny üýtgetmeli: 1) Atamyrat etrabynyň we onuň Atamyrat şäheriniň adyny üýtgedip, olara Kerki adyny dakmaly; 2) Birata etrabynyň we onuň Birata şäheriniň adyny üýtgedip, olara Darganata adyny dakmaly; 3) Galkynyş etrabynyň we onuň Galkynyş şäheriniň adyny üýtgedip, olara Dänew adyny dakmaly; 4) Serdarabat etrabynyň adyny üýtgedip, oňa Çärjew adyny dakmaly; 5) Çärjew etrabynyň Guşçular şäherçesiniň adyny üýtgedip, oňa Çärjew adyny dakmaly; 6) Dänew etrabynyň Nyýazow şäherçesiniň adyny üýtgedip, oňa Garaşsyzlyk adyny dakmaly. 7. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 36-njy madda) bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli. 8. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti Lebap welaýat häkimligi bilen bilelikde welaýatyň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli. 9. Şu karar gol çekilen gününden güýje girýär. Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 25-nji noýabry.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow