Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Mali Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Mali Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady
Çap edildi 14.11.2017
1316

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Mali Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi jenap Tiýefing Konateden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugalandyrmak işinde üstünlik arzuw etdi. Maliniň doly ygtyýarly wekili soňky ýyllarda Türkmenistanda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijelerine ýokary baha berip, öz ýurdunyň ýolbaşçy düzüminiň tutuş türkmen halkyna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda myhman döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary bilen tanyşdyryldy. Dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy onuň esasy ugyr bolup durýar. Şeýle hem diplomat döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler we maksatnamalar bilen tanyşdy. Bellenilişi ýaly, dünýä bileleşigi Türkmenistanyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilik syýasatyna we döwlet Baştutanymyzyň tutuş ýer ýüzünde durnuklylygyň we sazlaşykly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berýär. hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň islendik gapma-garşylyklary gepleşikleriň üsti bilen çözmek babatda öňe sürýän başlangyçlary giň goldawa eýe bolýar. Şeýle hem guşuşygyň dowamynda Mejlisiň kanun çykaryjylyk işi we ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň çäklerinde onüň eýeleýän orny barada aýratyn gürrüň edildi. Şunda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň möhüm ugry bilen göni parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak boýunça teklipler aýdyldy. Öz ýurdunyň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, jenap Tiýefing Konate türkmen-mali gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegi ugrunda ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyny nygtady. Duşuşygyň ahyrynda diplomat iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki döwrüň ýagdaýyna we ikitaraplaýyn gyzyklanmalara laýyk gelýän derejä çykaryljakdygyna ynam bildirdi. *** Aşgabada bolmagynyň çäklerinde diplomat Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Mali Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow