Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
Ykdysadyýet
12.01 2021
Şu gün Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) wekilleri bilen geçirilen wideoduşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we onuň geljegi bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Duşuşyga Maliýe we ykdysadyýet ministrlgiiniň, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ÝTÖB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar.
09.01 2021
Geçen hepdede Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda geleşikleriň 27-si baglaşyldy.
07.01 2021
“Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” agentligine “A330-200” kysymly “P2F” görnüşli iki sany ulanylan ýük howa gämisini satyn almak barada Fransiýa Respublikasynyň “Airbus S.A.S.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
03.01 2021
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy.
24.12 2020
Şu gün Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin pudagara iş toparynyň onlaýn maslahaty geçirildi. Bu maslahat iş toparyň ilkinji mejlisidir.
21.12 2020
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň konsepsiýasy ýurdumyzda ýokary tehnologiýalar ulgamyny hem-de elektron senagatyny ösdürmäge itergi berdi.
19.12 2020
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtomobil benzinini satyn aldylar. Russiýa Federasiýasynyň, BAE-niň we Owganystan Yslam Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdi, suwuklandyrylan gazy we awtomobil benzinini satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen ownuk däneli hlorly kaliý Russiýa Federasiýasynyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.
13.12 2020
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 126-sy hasaba alyndy.
10.12 2020
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli gurlup ulanmaga berlen binalaryň açylyş dabaralary boldy. Şäheriň Büzmeýin etrabynyň çäginde 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 23-si, 2 gatly kottej jaýlarynyň 9-sy, 600 orunlyk umumybilim berýän mekdep we köpugurly Söwda merkezi gurlup ulanmaga berildi.
09.12 2020
Şu gün paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynda eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda bezeg demir gurnamalaryny öndürýän kärhananyň açylyş dabarasy boldy. Onuň kuwwaty ýylda 300 tonna barabardyr.
149 sahypa
Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi