Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
Ykdysadyýet
15.07 2017
Bu hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy.
12.07 2017
Şu günler Maýyn boýundaky Frankfurt şäherinde geçirilýän “Türkmenistan-Germaniýa: geljegi uly hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly bilelikdäki işewürlik maslahatynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenleri GFR-iň iri maşyngurluşyk käphanalaryna baryp gördüler. Türkmen wekiliýeti Mangeým, Bruhzal hem-de Swaýbrýukken şäherlerinde ýerleşýän «John Deere» kompaniýasynyň iri zawodlarynda bolup, işleriň guralyşy we çykarylýan önümler bilen tanyşdylar, şeýle hem Kaýzerslautern şäherindäki Ýewropa tehnologiýalar we innowasiýalar merkezine baryp gördiler.
10.07 2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti GFR-e bardy, bu ýerde şu gün “Türkmenistan — Germaniýa: geljegi uly hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly bilelikdäki işewür çäräniň birinji güni geçirildi.
08.07 2017
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy.
07.07 2017
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň barşy, gurluşyk işleriniň meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew hasabat berdi.
07.07 2017
Şu ýyl ýurdumyzda 1 million tonnadan sähel gowrak galla hasyly ýygnalyp alyndy. Bu barada şu ýylyň 6 aýynyň jemleri boýunça geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýew habar berdi. 2017-nji ýyl üçin galla ýygnamagyň şertnamalaýyn borçnamasy 1 million 600 müň tonnadan ybarat boldy.
07.07 2017
2017-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,4 göterim ýokarlandy. Bu barada hökümetiň giňeldilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň sözlerine görä, Döwlet býujetiniň girdejileri artdy, bu bolsa aýlyk zähmet hakynyň, ortaça 9 göterim ýokarlandyrylmagyna, şeýle hem milli walýutanyň – manadyň hümmetiniň bellenilen derejede saklanmagyna mümkinçilik berdi.
07.07 2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet agzalaryna, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna welaýat häkimlerine geljek ýyl üçin Döwlet býujetini düzmäge girişmegi tabşyrdy.
07.07 2017
Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni ýatyryldy.
07.07 2017
Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk toplumynda 2017-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda oňat ösüş derejesi gazanyldy. Bu barada ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisinde aýdyldy.
148 sahypa
Soňky habarlar
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant