31.08
2017
2017-nji ýylyň 8 aýynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşiniň depgini 6,4 göterime deň boldy.
31.08
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň 8 aýynyň netijeleri boýunça hökümetiň mejlisinde ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda düýpli özgertmeleriň geçirilmegini işjeňleşdirmegi talap edtdi.
31.08
2017
Häzirki wagtda Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinde Türkmenistan-Owganystan-Hindistan-Pakistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen baglanyşykly guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Bular barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer M.Babaýew habar berdi.
30.08
2017
30-njy awgustda ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymy badalga aldy. Pagtaçylyk Türkmenistanda önümçilik möçberiniň artdyrylmagyna ilkinji derejede ähmiýet berilýän strategik oba hojalyk ekinleriniň biridir. Pagtanyň özi-de, ondan öndürilýän dokma önümleri hem dünýa bazarlarynda ýokary isleglerden peýdalanmak bilen, ýurdumyzyň eksportynyň möhüm bölegini düzýärler.
26.08
2017
Demirgazyk welaýatyň merkezinde kafel plitalarynyň önümçiligi boýunça kiçi kärhananyň, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Hasylçy geňeşliginiň “Döwletli” daýhan birleşiginde döwrebap ýyladyşhananyň açylyş dabarasy boldy.
26.08
2017
Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryş kerosini, awtobenzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar.
25.08
2017
Türkmenistanda täze gazhimiýa toplumynyň taslamasynyň üstünde işlenilýär. Ony Balkan welaýatynda Gyýanly şäherçesiniň golaýynda gurmak meýilleşdirilýär
25.08
2017
Türkmenistanyň pagtaçylary şu ýylyň 30-njy awgustynda “ak altynyň” ýygymyna girişerler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň mejlisinde oba hojalyk meseleleri boýunça wise-premýer E.Orazgeldiýewe degişli tabşyryklary berdi.
23.08
2017
23-nji awgustda Türkmenistanda köpçülikleýin bugdaý ekişine girişildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak patasy bilen bu möhüm oba hojalyk möwsümine ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga berildi.
19.08
2017
Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler suwuklandyrylan gazy (“Türkmengaz” DK), Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri bolsa tehniki ýody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, trikotaž önümleri, nah ýüplük we hojalyk pamygy ýerlenildi.