Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
Syýasy habarlar
05.03 2015
Aşgabat, 5-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň binasynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi, onda 2015-nji ýylyň ilkinji iki aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň jemleri beýan edildi we bu düzümleriň işini kämilleşdirmek hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça wezipeler kesgitlenildi.
04.03 2015
Ankara-Aşgabat, 4-nji mart (TDH). Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary mahalynda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirmegine gönükdirilen ylalaşyklar gazanyldy. Döwlet Baştutanymyz ejesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň ýarawsyzlygy sebäpli Türkiýe Respublikasyna guran saparyny möhletinden öň tamamlap, Watanymyza geldi.
04.03 2015
Geçen fewral aýyndaky wakalar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugurda ileri tutýan möhüm ugurlaryny hem-de garaşsyz ösüşiň ýolunda gazanýan uly üstünliklerini ýene-de bir gezek äşgär etdi.
03.03 2015
Aşgabat — Ankara, 3-nji mart (TDH). Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
02.03 2015
Şu gün – 3-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary başlanýar.
02.03 2015
Aşgabat, 2-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere we döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan wezipelere garaldy.
28.02 2015
Baku, 28-nji fewral (TDH). Şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi — TDH bilen Azerbaýjanyň Döwlet habarlar agentliginiň (AzerTAj) arasynda maglumatlar alyşmak baradaky Ylalaşyga gol çekildi. Şunuň ýaly Ylalaşyga TDH bilen Azerbaýjanyň Trend halkara habarlar agentligi bilen hem gol çekildi.
28.02 2015
Aşgabat, 28-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky, ýedinji maslahaty bolup, oňa degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary bilen baglylykda işlenip taýýarlanan kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň birnäçesine degişli meseleler girizildi.
27.02 2015
Aşgabat, 27-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.
26.02 2015
Aşgabat, 26-njy fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşyk ministri Abbas Ahmad Ahundini kabul etdi.
834 sahypa
Soňky habarlar
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
27.09
Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.09
​Watan goragçylary ýokary döwlet sylaglaryna we täze harby atlara mynasyp boldular
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa