10.08
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
09.08
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara howa menziliniň mejlisler zalynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary gatnaşdylar.
09.08
2017
Azerbaýjan resbuplikasyna bolan resmi saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Baştutany häzirki zaman Bakuwyň nyşanlarynyň biri bolan Geýdar Aliýew merkezine baryp gördi. Belent mertebeli türkmen myhmanyny esasy girelgäniň öňünde Merkeziň ýolbaşçylary mähirli garşylady.
09.08
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde Milli mejlisinde duşuşyk geçirdi.
08.08
2017
Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
08.08
2017
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ilham Aliýewiň ýüzbe-ýüz duşuşygy tamamlanandan soň gepleşikler gepleşikler giňişleýin düzümde – iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdirildi.
08.08
2017
Bakuda resmi saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň premýer-ministri Artur Rasizadeni kabul etdi.
08.08
2017
Azerbaýjan Hazar deňzi boýunça biziň goňşymyz diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda Prezident Ilham Aliýew bilen şu gün bolan gepleşiklerde aýtdy.
08.08
2017
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
08.08
2017
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň “Zagulba” kabulhanasynda Prezident Ilham Aliýewiň hem-de iki günüň resmi sapar bilen Bakuda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gepleşikleri başlandy.