17.02
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy» atly halkara maslahatyna gatnaşyjylary Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni hem-de maslahatyň öz işine başlanmagy bilen gutlady.
16.02
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Leonidas S.Markidisden ynanç hatyny kabul etdi.
16.02
2018
“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” ylmy-amaly žurnalyň geçen ýylyň soňky çärýeginde ýurdumyzyň daşary syýasatynda bolup geçen möhüm wakalara bagyşlanan nobatdaky sany çapdan çykdy.
16.02
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
16.02
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2018-nji ýylda iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagyna hem-de ulanmaga tabşyrylmagyna degişlilikde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine gözegçilik etmek tabşyryldy.
16.02
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa Florida ştatynyň Parklend şäherindäki mekdepde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly waka zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi.
15.02
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygynyň orunbasary Serdar Hojanazarowiç Gurbandurdyýew Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
15.02
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daniýanyň Şazenany Margrete II onuň ýanýoldaşy – Şazada Henrigiň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny ýollady.
15.02
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belli “Rohde & Schwarz” nemes kompaniýasynyň “Howpsuz aragatnaşyk enjamlary, ýerleýiş we taslamalar” departamentiniň uly wise-prezidenti Hartmut Ýeşkeni kabul etdi.
15.02
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky we “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň ugrunda bu Banklaryň edara binalarynyň taslamasyny düzmek we ony kompýuter, mebel hem-de beýleki zerur tehniki enjamlar we serişdeler bilen doly enjamlaşdyryp, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasy bilen şertnama baglaşar;