20.12
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diplomatik düzümiň wekilleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň Täze ýylyň öň ýanyndaky däp bolan giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, ýurdumyzyň beýleki döwletlerdäki diplomatik hem-de konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň redaktorlary we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary çagyryldy. Mejlisde Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň daşary we içeri syýasatynyň möhüm meselelerine seredildi.
20.12
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Çary Geldiýewiç Nyýazow Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň ýanyndaky wekili wezipesinden boşadyldy.
20.12
2018
Çary Geldiýewiç Nyýazowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky (Pariž şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça Guramasynyň (ÝUNESKO) ýanyndaky Türkmenistanyň ilçisi, Hemişelik wekili wezipelerinden boşatmaly.
20.12
2018
Şöhrat Durdykulyýewiç Jumaýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Rumyniýadaky (Buharest şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Horwatiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly.
20.12
2018
Şöhrat Durdykulyýewiç Jumaýewi Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky (Pariž şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.
20.12
2018
Annamämmet Akmämmedowiç Annaýewe Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermeli
20.12
2018
Annamämmet Akmämmedowiç Annaýewi Türkmenistanyň Rumyniýadaky (Buharest şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.
20.12
2018
Muhammetgeldi Nurberdiýewiç Aýazowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermeli.
20.12
2018
Muhammetgeldi Nurberdiýewiç Aýazowy Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky (Ýerewan şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.
20.12
2018
Çynar Täjiýewna Rustemowany, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky (Pekin şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Mongoliýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Wýetnam Sosialistik Respublikasyndaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Koreýa Halk Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly.