08.08
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Ol birinji Hazar ykdysady forumynyň çärelerine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.
07.08
2019
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýylyň geçen ýedi aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de olaryň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi.
07.08
2019
Aşgabatda Migrasiýa boýunça halkara guramanyň ýurdumyzdaky wekilhanasy tarapyndan okuw maslahaty geçirildi. Ol guramaçylykly jenaýatçylyga hem-de onuň has howply görnüşleriniň birine — adam söwdasyna garşy göreşmek, adamzat üçin uly alada bolup durýan bu möhüm meseläni çözmek boýunça netijeli gurallary işläp taýýarlamaga gönükdirilen halkara gatnaşyklaryny berkitmek temasyna bagyşlandy.
07.08
2019
Maýor Maksat Agamyradowiç Hudaýkulyýewi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
07.08
2019
«Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda,
06.08
2019
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň raýatlarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady strategiýasy bilen baglylykda giň möçberli we köpugurly özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
06.08
2019
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah El-Sisä ýurduň Kair şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly, gynanç hatyny iberdi.
05.08
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, öňde boljak baýramçylyk senelerine we şanly wakalara görülýän taýýarlyk bilen bagly wezipeler, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki meseleleri girizildi.
05.08
2019
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bugdaýyň öndürilişini has-da artdyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny öndürmekde daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
05.08
2019
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas we Ogaýo ştatlarynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren pajygaly wakalar zerarly, çuňňur gynanç hatyny iberdi.