30.05
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Ermenistan Respublikasynyň wise-premýer-ministri Mger Grigorýany kabul etdi.
30.05
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň wise-premýer-ministri Ženiş Razakowy kabul etdi.
30.05
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Sergeý Rumasy kabul etdi.
30.05
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
30.05
2019
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň baş redaktory Kuwwatberdi Hezziýew Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.
29.05
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.
29.05
2019
Şu ýylyň 28-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 85-nji mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnama kabul edildi. Men bu taryhy waka bilen sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.
29.05
2019
BMG bilen köptaraply hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugrudyr. Şol syýasatyň esasynda oňyn Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesi durýar. Özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanyp, häzirki zaman tapgyrynda bu hyzmatdaşlyk täze anyk mazmuna eýe boldy.
29.05
2019
Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky» Permana gol çekdi.
27.05
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň gün tertibine welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleri girizildi.