24.09
2020
Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi.
23.09
2020
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Aleksandr Lukaşenko Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
23.09
2020
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde wideoýazgy bilen çykyş etdi.
23.09
2020
Ilki bilen jenap Wolkan Bozkyry Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygy wezipesine saýlanylmagy bilen gutlamaga hem-de oňa bu jogapkärli wezipede üstünlikleri arzuw etmäge rugsat ediň.
21.09
2020
Şu gün Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde wideomaslahat görnüşinde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi.
21.09
2020
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, içeri işler ministri Çakyýew Mämmethan Berdimyradowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
19.09
2020
18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Nyýazlyýewiň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin bilen duşuşygy boldy.
19.09
2020
Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisiniň we «Sanly ykdysadyýet — ykdysady ösüşiň möhüm ugry» atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Türkmen döwletiniň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu serginiň we maslahatyň uly üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin!
18.09
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.
18.09
2020
Şu gün Daşary işler ministrliginde onlaýn görnüşde Türkmenistan bilen Ukrainanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Onuň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, ençeme ugurlar boýunça özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň geljekki ädimleri ara alnyp maslahatlaşyldy.