09.10
2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Merjen Gündogdyýewna Geldiýewa Aşgabat şäheriniň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi hem-de ol Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
09.10
2020
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
09.10
2020
Durdylyýew Durdyly Baýlyýewiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesinden boşatmaly.
09.10
2020
Mämmetmyrat Geldinyýazowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary wezipesine bellemeli.
09.10
2020
Agamyradow Pürli Nurmämmedowiçi, işde goyberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary wezipesinden boşatmaly.
09.10
2020
Doganlyk Gyrgyzystanda bolup geçýän wakalar bizde uly ynjalyksyzlyk döredýär.
Köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, umumy medeni hem-de ruhy gymmatlyklar bilen baglanyşan ýakyn goňşular hökmünde biz Gyrgyzystanyň halkyny şu çylşyrymly günlerde ýurtda parahatçylygy saklamagyň we durnuklylygy dikeltmegiň bähbidine oňa mahsus bolan parasatlylyk görkezmäge çagyrýarys.
08.10
2020
Şu gün Türkmenistan — Owganystan — ABŞ formatynda üç ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde wideoaragatnaşyk arkaly birinji duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministri, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary we Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji gatnaşdylar.
08.10
2020
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
08.10
2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Dowwaýewa Akjagül Baýmyradowna işde goýberen kemçilikleri üçin, Aşgabat şäheriniň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.
07.10
2020
Podpolkownik Bekmyrat Gurbanberdiýewiç Öwezowy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.