Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere, şeýle-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopy kabul etdi.
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda saparda bolýan parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Şu gün paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň parlament toparyna ýolbaşçylyk edip, sapar bilen Aşgabada gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşygy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Egils Lewitse we ýurduň ähli halkyna Latwiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Omanyň Soltany Haýsam bin Tarige we ýurduň ähli halkyna Oman Soltanlygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjini kabul etdi.
Şu gün paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Maslahat köşgünde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ilkinji mejlisi boldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus tarapynyň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Uganda Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammad Tezikuba Kisambiradan ynanç hatyny kabul etdi.