Ozaly bilen, Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparymyň öň ýanynda öz sahypalarynda çykyş etmäge teklibi üçin “Ženmin Žibao” gazetiniň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Şeýle abraýly hem-de hormatly neşiriň millionlarça okyjylaryna ýüzlenmek mümkinçiligi örän möhüm ähmiýete eýe bolup, munuň özi iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmegiň, türkmen-hytaý dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berer.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen täze, 2023-nji ýylda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Siziň Alyhezretiňizi hem-de Türkmenistanyň halkyny täze, 2023-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modä ejesi Hiraben Modiniň aradan çykandygy zerarly gynanç hatyny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda başlanan täze, 2023-nji ýylda sanly ulgam arkaly ilkinji iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Täze, 2023-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Täze, 2023-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýyl tamamlanyp barýar. Ýene sähel salymdan biz bu ýyl bilen hoşlaşyp, täze, 2023-nji ýyly uly şatlyk bilen garşylarys.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Zuzana Çaputowa we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel Bermudese ýurduň milli baýramy — Kuba Respublikasynyň Azat edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.