Resmi
06.04 2023

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, Ýusupguly Aşyrgulyýewiç Eşşäýew Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlanyldy.

03.04 2023

Atajan Orazmyradowiç Mylkyýewi Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.

02.04 2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýeten beýik sepgitlerini dünýä ýaýmak, wagyz etmek, sanly ulgamyň mümkinçilikleri we iň häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan, sebitde deňi-taýy bolmadyk “akylly” şäheriň — Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, şäher gurluşygy boýunça alnyp barylýan tutumly işler, geçirilýän çäreler we gazanylýan netijeler barada halk köpçüligine giňişleýin habar bermek, şeýle hem şäheriň ilatynyň durmuşy hakynda dürli makalalary, maglumatlary çap etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

31.03 2023

“Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Arkadag şäheri üçin döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýynyň bellenilmegi bilen baglylykda, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň düzüminde Arkadag şäheriniň döwlet arhiwi döredildi.

31.03 2023

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 26-njy dekabrynda çykaran 1152-nji Buýrugyna laýyklykda, Söwda-dynç alyş we işewürlik merkezini gurmak üçin Aşgabat şäheriniň Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda bölünip berlen ýer böleginiň çäginden geçýän zeýkeş aragatnaşyk ötüginiň tehniki ýagdaýyny seljermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu zeýkeş aragatnaşyk ötüginiň tehniki ýagdaýyny seljermek boýunça pudagara topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

30.03 2023

“Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Arkadag şäheri üçin döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýynyň bellenilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Arkadag şäher häkimliginiň ady üýtgedilip, ol Arkadag şäheriniň häkimligi diýlip atlandyryldy.

30.03 2023

Arkadag şäherinde Kärizek etrabynyň we Gorjaw etrabynyň döredilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň we Gorjaw etrabynyň häkimlikleri döredildi.

30.03 2023

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda, şol sanda Arkadag şäherinde amala aşyrylýan beýik işleri, gazanylýan üstünlikleri ussatlyk bilen açyp görkezýän hem-de wagyz edýän kämil gepleşikleri taýýarlap, teleýaýlymlaryň üsti bilen halkymyza ýetirmek, şeýle hem türkmen telewideniýesiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Arkadag” teleýaýlymyny döretmek we 2023-nji ýylyň sentýabryndan başlap, gije-gündiziň dowamynda 15 sagatlap gepleşikleri ýaýlyma berip başlamak bellenildi.

29.03 2023

Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Badyýewiç Maşalowy, şol bir wagtda Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) wezipesine bellemeli.

29.03 2023

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Begenç Orazmyradowiç Durdyýewi, şol bir wagtda Türkmenistanyň Singapur Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Seul şäheri) wezipesine bellemeli.

149 sahypa
Soňky habarlar
06.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 81 müň dollaryndan gowrak boldy
05.07
Ahalteke bedewi — halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň nyşany
04.07
Täze ugurly senagat önümçiligi
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
03.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.07
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat