Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň binagärlik we şähergurluşyk keşbini özgertmek, şeýle hem aragatnaşyk pudagynyň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmek, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünliki durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Baş bina” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.
Türkmeniň baýlygy we guwanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny ösdürmekde, atlary ösdürip ýetişdirmekde, olaryň baş sanyny artdyrmakda, ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda, ýokarlandyrmakda gazanan uly üstünlikleri, ýokary netijeleri üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen sportuny ösdürmekde we onuň halkara abraýyny belende götermekde bitiren uly hyzmatlaryny hem-de sportuň hokkeý görnüşi boýunça okuw-türgenleşik we tälimçilik işlerinde aýratyn tapawutlanyp, 2024-nji ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orny eýeländiklerini hem-de gazanan ýokary netijelerini nazara alyp, karar edýärin:
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglary boýunça saýlawlaryny bellemek hakynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek döwlet çärelerine gowy taýýarlyk görmek we şol çäreleri ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary hem-de çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Amanmyrat Berdimyradowiç Abdyllaýewi, saglyk ýagdaýy sebäpli, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Berdimuhammet Kakajanowiç Taganowy Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Annamyradowiç Kakabaýew Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Kakageldi Rejepbaýewiç Haýtekow Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Muhammetberdi Şadurdyýewiç Öwezmyradow Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.