“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we häkimleriň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Ýurdumyzda keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, raýatlaryň saglygyny gorap saklamak, şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň düzümi tassyklanyldy.
Gurbanow Orazgeldi Amandurdyýewiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň bilim ministri wezipesinden boşatmaly.
Geldinyýazow Mämmetmyrady, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Podpolkownik Öwezow Bekmyrat Gurbanberdiýewiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesinden boşatmaly.
Podpolkownik Nazar Muhammetmyradowiç Atagaraýewi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine bellemeli.
Gurbangül Kakalyýewna Ataýewany Türkmenistanyň bilim ministri wezipesine bellemeli.
Sapardurdy Toýlyýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gylyjow Arslangylyç Orazgylyjowiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary — Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.
P.A.Gurýewa «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ady dakmak hakynda