Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Ýelizaweta II ýanýoldaşy — Onuň Alyjenaby, Edinburgyň Gersogy Şazada Filippiň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny ýollady.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň medeniýet, sungat we syýahatçylyk ulgamynda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.
“Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2-nji derejeli ýurist Agamyrat Italmazowiç Abdyllaýew Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de olarda Watana wepalylyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly belent ynsan häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýuridik şahs hökmünde döredildi, Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň ugrundaky Türkmenistanyň Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumynda ýerleşdirilmegi kesgitlenen bu gaznanyň Tertipnamasy, gurluşy hem-de işgär sany tassyklanyldy.
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak hakynda
Soýençnazar Nurnazarowiç Selimowy Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
Toýly Alladurdyýewiç Ataýewi Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlaryň melhem suwlary we howasy bilen dünýä belli şypahanalarymyzyň hyzmatyndan netijeli peýdalanmagyny üpjün etmek hem-de olara berilýän ýollamanamalaryň bahalaryny kesgitlemek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň şypahanalarynda bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollamanamalaryň bahalary tassyklanyldy.
N.Rahymowa Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, welaýatlaryň häkimlikleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň gurluşy tassyklanyldy.