Aşyrguly Begliýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellemeli.
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
General-leýtenant Begenç Ataýewiç Gündogdyýewi Türkmenistanyň goranmak ministri wezipesine bellemeli.
Muhammetgeldi Nurgeldiýewiç Serdarowy Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesine bellemeli.
Amanmyrat Berdimyradowiç Abdyllaýewi Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 2022-nji ýylyň 2-nji aprelinde bolup geçen on ýedinji maslahatynda Adalatçyny saýlamak boýunça geçirilen gizlin ses bermegiň netijeleri esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar edýär:
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki toparyny döretmek hakyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky üçünji duşuşygyna we “Owganystanyň goňşy ýurtlary + Owganystan” dialogynyň işine gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň wekiliýeti 2022-nji ýylyň 29 — 31-nji marty aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Huanşan şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
Muhammetguly Atamuhammedowiç Muhammedowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli.
Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda