Arkadag şäherinde Kärizek etrabynyň we Gorjaw etrabynyň döredilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň we Gorjaw etrabynyň häkimlikleri döredildi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda, şol sanda Arkadag şäherinde amala aşyrylýan beýik işleri, gazanylýan üstünlikleri ussatlyk bilen açyp görkezýän hem-de wagyz edýän kämil gepleşikleri taýýarlap, teleýaýlymlaryň üsti bilen halkymyza ýetirmek, şeýle hem türkmen telewideniýesiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Arkadag” teleýaýlymyny döretmek we 2023-nji ýylyň sentýabryndan başlap, gije-gündiziň dowamynda 15 sagatlap gepleşikleri ýaýlyma berip başlamak bellenildi.
Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Badyýewiç Maşalowy, şol bir wagtda Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Begenç Orazmyradowiç Durdyýewi, şol bir wagtda Türkmenistanyň Singapur Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Seul şäheri) wezipesine bellemeli.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ilatymyz üçin has oňaýly ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny we seýilgähi gurmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 11-nji aprelinde çykaran 1203-nji Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda inženerçilik ulgamlary we ýollary bilen bilelikde 9 gatly, 23 sany döwrebap ýaşaýyş jaýynyň we seýilgähiň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada baglaşan şertnamalaryna goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.
Ýurdumyzyň binagärlik, senagat we ýol gurluşygy ulgamlarynyň günsaýyn ösmegi netijesinde durmuş hem-de iri senagat maksatly döwrebap binalaryň, desgalaryň toplumynyň gurlup ulanmaga berilmegi bilen, bu binalaryň we desgalaryň tebigy hadysalara, adatdan daşary ýagdaýlara durnuklylygyny ýokarlandyrmak, olarda şeýle ýagdaýlaryň döremeginiň öňüni almak hem-de raýat goranyşy çygrynda ýokary bilimli harby hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň bellenen işgär sanynyň çäginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda raýat goranyşy fakultetini, gurluşyk işlerinde raýat goranyşy, himiýa senagatynyň howpsuzlygy kafedralaryny açmak; Goranmak ministrligine Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde ýokarda ady agzalan fakultetiň Düzgünnamasyny taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak bellenildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň orta we ýokary hünär bilimli işgärler bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakynda resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegi kämilleşdirmek hem-de Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýadan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny ylmy esasda taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdiren atçylyk sungatyny mundan beýläk hem ösdürmek, halk seçgisi esasynda döredilen, ynsan kimin duýgur we gözelligiň nusgasyna öwrülen, ýelden ýüwrük behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmek, olaryň seçgi-tohumçylyk işlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň hem-de etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.