Resmi
06.09 2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň köpugurly halkara gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, daşky gurşawy goramak babatda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli işleri dünýä ýaýmak hem-de «Daşky gurşawyň hatyrasyna «ýaşyl» tebigat» diýen şygar astynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2023» halkara sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna Katar Döwletiniň Doha şäherinde 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry — 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda geçiriljek «EKSPO — 2023» halkara sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada “Söwda öýi” kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.


06.09 2023

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginde özleriniň zehinlerini görkezip, tapawutlanan aýdymçy çagalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, aşakda görkezilen bäsleşige gatnaşyjylar ýeňijiler diýlip yglan edildi, olara degişli diplomlar we noutbuk kompýuterleri gowşuryldy.

04.09 2023

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Begmyrat Gurbangeldiýewiç Ataýew Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.

04.09 2023

Röwşen Welmyradowiç Jumaýewi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.

04.09 2023

Esenow Annaguly Bozoglanowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

04.09 2023

Serdar Töräýewiç Hojaýewi Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

04.09 2023

Nuryýew Rejepmämmet Rejepalyýewiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

04.09 2023

Didar Annamämmedowiç Meredowy Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.

04.09 2023

Bazarbaý Gökleňowiç Gylyjowy, pensiýa gitmegi sebäpli, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

04.09 2023

Şyhmyrat Esenowiç Annaýewi Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

153 sahypa
Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi