Maksat Mämmetsaparowiç Babaýewi Türkmenistanyň döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesine belläp, ony «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Batyr Amangeldiýewiç Amanowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşatmaly.
Aşyrguly Begliýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, polisiýanyň podpolkownigi Süleýman Amangulyýewiç Ataýew Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesine bellenildi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen Ylalaşygy ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistan bilen Wengriýanyň
Arkadag şäheriniň Kärizek etrabyndaky ýaşaýyş jaý toplumyna şäherçe derejesini bermek we oňa halypa seýis Aba Annaýewiň adyny dakmak hakynda
Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem asylly ynsanperwer işleriň oňyn tejribesini dowam etmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde, 2023-nji ýylyň maý aýynda doganlyk Owganystanyň halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Dokma senagaty ministrligine lukmançylyk maksatly serişdeleri, harytlary hem-de azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystana muzdsuz bermek tabşyryldy.