Şyhmyrat Esenowiç Annaýewi Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Geldimyrat Taganmyradowiç Muhammedowy Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
Azat Gadamowiç Jepbarowy, başga işe geçmegi sebäpli, «Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşatmaly.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek bilen bir hatarda, ilatymyz üçin has oňaýly ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumynyň, şol sanda 4 gatly 6 sany 32 öýli, 4 sany 40 öýli we 2 sany 60 öýli ýaşaýyş jaýynyň, 1 sany 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň, 1 sany 120 orunlyk çagalar bagynyň, 1 sany söwda we dynç alyş merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Dürli-ýaz» hususy kärhanasy bilen şertnamany, ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumy üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny hem-de desgalaryny gurmak we umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentligine iki sany gury ýük gämisini gurmak barada «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Merdan Täjimowiç Rozyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesinden boşatmaly.
Gurbangeldi Garlyýewiç Garlyýewi «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesine bellemeli.
Nury Gutlyýewiç Gölliýewe Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermeli.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bugdaýyň öndürilişini has-da artdyrmak babatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, bu ugurda daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmek maksadyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine ýerleriň kärendeçileri, peýdalanyjylary we eýeleri bilen şertnamalary baglaşmak esasynda welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde, 2024-nji ýylyň hasyly üçin ýurdumyz boýunça bellenen meýdana bugdaý ekip, degişli möçberde hasyl almagy üpjün etmek tabşyryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli aýdym-saz sungatymyzy has-da ösdürmek, kämil aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak, ýurdumyzyň şäherlerinden hem-de welaýatlaryndan sungata höwesli zehinli aýdymçy ýaşlary ýüze çykarmak, ýaş nesli çeper döredijiligiň rowaç menzillerine galkyndyrmak boýunça mähriban Watanymyzda ähli şertler döredilýär.