Resmi
09.02 2024

Soýençnazar Nurnazarowiç Selimowy, başga işe geçmegi sebäpli, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

09.02 2024

Röwşen Orazmyradowiç Işanowy Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

09.02 2024

Aramow Abdymuhammet Begmyradowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

09.02 2024

Akmyrat Rozydurdyýewiç Hudaýberdiýewi, pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy wezipesinden boşatmaly.

09.02 2024

Mahmut Orazgeldiýewiç Çaryýewi Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

09.02 2024

Gurbangül Kakalyýewna Ataýewany, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň bilim ministri wezipesinden boşatmaly.

09.02 2024

Atageldi Kakadurdyýewiç Germanowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinden boşatmaly.

09.02 2024

Serdar Begençmuhamedowiç Çopanowy Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

09.02 2024

Gylyjow Nurahmet Kömekowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

09.02 2024

Aşyrmyrat Musakowiç Öwezowy Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

151 sahypa
Soňky habarlar
27.07
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministrini kabul etdi
27.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 746 müň dollaryndan gowrak boldy
26.07
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli dialog
25.07
Adam hukuklary boýunça pudagara toparyň mejlisi
24.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi