Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem “Türkmenistanda 2025-nji ýylda bag ekmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda çykaran 1270-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2025-nji ýylyň 22-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary, taýsyz tagallalary we bimöçber goldawlary esasynda Türkmenistanda ynsanperwer ugurda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda eneligi we çagalygy goramagyň netijeli ulgamy döredilip, ýaş nesliň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, saglygyny berkitmek boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu asylly ýörelgeden ugur alyp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işlerini hem-de döwletimizde amala aşyrylýan ynsanperwer häsiýetli çäreleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da dabaralandyrmak, Türkmenistanyň bu şanly ýylyň dowamyndaky ynsanperwer ugurly hem-de eneligi we çagalygy goramak barada amala aşyrýan işlerini dünýä jemgyýetçiligine wagyz etmek, bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak barada alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Daşary işler ministrligi, Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde Arkadag şäherinde 2025-nji ýylyň 29-njy martynda «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aýmyrat Gurbannepesowiç Öwezow Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:
Önümçilik desgalarynyň kadaly ulanylmagyny üpjün etmek, olary ulanýan ýuridik we fiziki şahslaryň jogapkärçiligini artdyrmak maksady bilen, şeýle hem “Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, senagat howpsuzlygy çygrynda bilermenleriň hünär synagyny geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy.
Arkadag şäheriniň dolandyryş çägineüýtgetmeler girizmek hakynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda maldarçylyk pudagyny ösdürmek, ilatyň et, süýt önümleri bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, maldarçylyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek, mallaryň önümliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” we “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” öňde goýlan wezipelere laýyklykda hem-de Türkmenistanyň daşary ykdysady işini mundan beýläk-de ösdürmek üçin halkara we sebitleýin maliýe institutlary bilen işjeň hyzmatdaşlygy ilerletmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikler, amala aşyrylýan düýpli özgertmeler hemişelik Bitarap Watanymyzy dünýäniň ösen ýurtlarynyň birine öwürýär. Amala aşyrylýan tutumly işler merdana halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, jemgyýetimiziň mundan beýläk-de kämilleşmegi üçin amatly şertleri döredýär. Bedew bady bilen öňe barýan berkarar ýurdumyzyň gazanýan bu üstünliklerinde, ýetýän belent sepgitlerinde zähmetsöýer zenanlaryň paýy uludyr.