Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Muhammetnur Muhammetberdiýewiç Öwezow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Aktau şäheri) konsuly wezipesinden boşadyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
D.Seýitmämmedowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermek hakynda
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we ony ýerinde bellemek bilen baglanyşykly meselelere seretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we ony ýerinde bellemek meseleleri boýunça bilelikdäki Türkmen-özbek hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
«Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda çykaran 240-njy Permanyny ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy, şeýle hem bu ministrlik hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
«Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda çykaran 240-njy Permanyny ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy, şeýle hem bu ministrlik hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
Şadurdy Öweznepesowiç Meredowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky (Bişkek şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşatmaly.
Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
“Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasyndaky şu halkara resminamalar:
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäherinde 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkeziň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Döwlet Gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabat şäheriniň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek hem-de şäheriň binagärlik-şähergurluşyk keşbini mundan beýläk-de gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine Aşgabat şäheriniň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda döwrebap medeni-dynç alyş seýilgähiniň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Nowa hyzmat” hususy kärhanasy bilen şertnamany, seýilgäh üçin elektrik, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň içerki we daşarky eltiji inženerçilik ulgamlaryny hem-de desgalaryny gurmak we umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.