Merdan Täjimowiç Rozyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesinden boşatmaly.
Gurbangeldi Garlyýewiç Garlyýewi «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesine bellemeli.
Nury Gutlyýewiç Gölliýewe Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermeli.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bugdaýyň öndürilişini has-da artdyrmak babatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, bu ugurda daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmek maksadyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine ýerleriň kärendeçileri, peýdalanyjylary we eýeleri bilen şertnamalary baglaşmak esasynda welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde, 2024-nji ýylyň hasyly üçin ýurdumyz boýunça bellenen meýdana bugdaý ekip, degişli möçberde hasyl almagy üpjün etmek tabşyryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli aýdym-saz sungatymyzy has-da ösdürmek, kämil aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak, ýurdumyzyň şäherlerinden hem-de welaýatlaryndan sungata höwesli zehinli aýdymçy ýaşlary ýüze çykarmak, ýaş nesli çeper döredijiligiň rowaç menzillerine galkyndyrmak boýunça mähriban Watanymyzda ähli şertler döredilýär.
Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin Türkmenistanyň raýatlaryna şahsy pensiýa bellemegi düzgünleşdirmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 40-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Şahsy pensiýalary bellemek boýunça ýörite topar döredildi we şu toparyň düzümi, şeýle hem şahsy pensiýalary bellemegiň Tertibi tassyklanyldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan bilim edaralaryny has-da kämilleşdirmek, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralarynyň binalaryny gurmak işlerini dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap enjamlar bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Ajaýyp-gurluşyk» hususy kärhanasy bilen şertnamany institutyň binalar toplumy üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak, olary umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň energetika we senagat pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Energetika ministrligine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde 2 müň orunlyk täze goşmaça okuw binasynyň, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň, ýapyk görnüşli sport desgasynyň hem-de aýlawly ýolda monumentiň taslamasyny düzmek we olary döwrebap enjamlar bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Röwşen» hususy kärhanasy bilen şertnamany görkezilen binalar we desgalar üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak, olary umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.
«Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» hem-de «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» netijeli durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň halkara syýahatçylyk ugruny, halkara sergi işini ösdürmekde abraýly halkara guramalar we dünýäniň bu ugurlarda ösen döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygy giňden ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» tassyklanyldy.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitinde tebigy hadysalaryň bolup geçendigini göz öňünde tutup, bu sebitde ýaşaýan çagalar üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 2023-nji ýylyň awgust aýynda ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlykda degişli harytlardan we azyk önümlerinden ybarat bolan ynsanperwerlik kömegini Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň çagalary üçin taýýarlamak hem-de muzdsuz bermek tabşyryldy.