Çaryýar Puriýewiç Çetiýewi Türkmenistanyň oba hojalyk ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Guwanç Döwletmämmedowiç Orunowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri wezipesinden boşatmaly.
Soýençnazar Nurnazarowiç Selimowy, başga işe geçmegi sebäpli, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Röwşen Orazmyradowiç Işanowy Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Aramow Abdymuhammet Begmyradowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Akmyrat Rozydurdyýewiç Hudaýberdiýewi, pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy wezipesinden boşatmaly.
Mahmut Orazgeldiýewiç Çaryýewi Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Gurbangül Kakalyýewna Ataýewany, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň bilim ministri wezipesinden boşatmaly.
Atageldi Kakadurdyýewiç Germanowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinden boşatmaly.
Serdar Begençmuhamedowiç Çopanowy Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.