Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gylyjow Arslangylyç Orazgylyjowiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary — Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.
P.A.Gurýewa «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ady dakmak hakynda
A.A.Saryýewi Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamak hakynda
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmaga, halkara sport ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik edip, ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan ýokary netijelerini dünýä ýaýmaga, sport abraýyny belende götermäge, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmaga goşan şahsy goşandyny hem-de 2021-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda gazanylan ýokary üstünlikleri nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan:
Hajymuhammet Saparmuhammedowiç Rejepmyradowy Türkmenistanyň energetika ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň energetika ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Hywalyýewiç Purçekow Türkmenistanyň energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.
Şöhrat Durdykulyýewiç Jumaýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky (Pariž şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Portugaliýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Şöhrat Durdykulyýewiç Jumaýew başga işe geçmegi sebäpli, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili hem-de Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň ýanyndaky wekili wezipelerinden boşadyldy.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik däplerine eýerip, Türkiýe Respublikasynda ýangyn sebäpli ejir çekenlere lukmançylyk kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde Türkiýe Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy. Şeýle hem Daşary işler ministrligi Türkiýe Respublikasyna ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegini we guramaçylykly gowşurylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň resmi wezipä girişmek dabarasyna gatnaşmak üçin, 2021-nji ýylyň 5-nji awgustynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde gulluk iş saparynda boldy.