Resmi
06.03 2022

Sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren şu enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmaly:

04.03 2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem “Türkmenistanda 2022-nji ýylda bag ekmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 18-nji fewralynda çykaran 2605-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 20-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi.

04.03 2022

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň maýa goýum meýilnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak, 2022-nji ýylda açylyp, ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyny bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlamak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek, şeýle hem raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, 2022-nji ýylda iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň, desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagyna, ulanmaga tabşyrylmagyna gözegçilik etmek, degişlilikde, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine tabşyryldy.

01.03 2022

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezindäki Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de onuň çägindäki awtoduralgalaryň gurluşygy tamamlanandan soň, ýokary derejede dolandyrylmagyny üpjün etmek, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işine döwlet tarapyndan goldaw bermek maksady bilen, şeýle hem “Hossarlyk we howandarlyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna hem-de “Eýeçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasynyň bir belgili bäşinji bölegine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik ministrligine “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezini gurmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde çykaran 2227-nji Kararyna laýyklykda gurulýan Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezini, şol sanda edara binasyny, 150 orunlyk çagalar bagyny, 100 orunlyk ýatylýan binany we çagalar sagaldyş merkezini hem-de “Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çäginde awtoduralgalary gurmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda çykaran 2560-njy Kararyna laýyklykda gurulýan awtoduralgalary, olaryň gurluşygy tamamlanandan soň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hasabyna bellenilen tertipde muzdsuz bermek tabşyryldy.

28.02 2022

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň işiniň esasy ugurlary boýunça 2022-nji ýylda bilelikde ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Kararyna gol çekdi.

25.02 2022

Himiýa pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, şeýle hem kärhanalaryň önümçilikleriniň üznüksiz işlemegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine:

25.02 2022

Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

25.02 2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2022-nji ýylda 2300 tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 300 tonna, Balkan welaýatynda 50 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 tonna, Lebap welaýatynda 1010 tonna, Mary welaýatynda 440 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek tabşyryldy.

25.02 2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak, temmäkä garşy göreşmek, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek üçin netijeli çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

25.02 2022

“Demir ýol ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, demir ýollaryň sowma zolaklarynyň bellenilmeginiň we peýdalanylmagynyň Tertibi tassyklanyldy.


145 sahypa
Soňky habarlar
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi