05.03 2020
Geçen 2019-njy ýyl milli ykdysadyýetimizi batly depginler bilen ösdürmek arkaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine beslendi. Senagat we ulag-kommunikasiýa toplumy bolsa ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biridir.
05.03 2020
Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda nobatdaky brifing geçirildi.
04.03 2020
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem olaryň işini has-da kämilleşdirmek, durmuş meselelerini çözmek boýunça möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
04.03 2020
«Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:
03.03 2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewiň we “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
03.03 2020
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem-de döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy maslahatlaşmalary geçirmek we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin, 2020-nji ýylyň 4 — 6-njy mart aralygynda Marokko Patyşalygynda gulluk iş saparynda bolar.
02.03 2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza hem-de welaýatlara gözegçilik edýän orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.
02.03 2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Toýgeldi Baýrammyradowiç Mämmedow «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
02.03 2020
Dünýädäki epidemiologik ýagdaýy nazara alyp, howply ýokanç keselleriň ýurdumyzyň çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.
01.03 2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Mämmedow Karar Nepesowiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
1488 sahypa
Soňky habarlar
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda