26.06 2020
Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Kanadanyň Türkmenistandaky (edarasy Ankarada ýerleşýän) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aşraf Hohar bilen onlaýn-duşuşyk geçirdi.
26.06 2020
Medeniýet hepdelig-2020-niň maksatnamasynyň çäklerinde şu gün Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda «Nejep oglan» operasynyň ilkinji gezek görkezilişi boldy. Ol adybir dessan boýunça sahnalaşdyrylyp, türkmen halk sazlary mekdebi hem-de öz ömrüni milli aýdym-saz däplerini saklamaga we öwrenmäge bagyşlan dessançy-bagşylar barada gürrüň berýär.
26.06 2020
Şu gün Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň zalynda ýurdumyzyň muzeýleriniň we döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň işgärleriniň maslahaty geçirildi.
26.06 2020
Türkmenistanyň ähli sebitlerinde galla oragynyň depginleri barha güýçlenýär. 26-njy iýunda ýene-de ýedi etrap döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.
26.06 2020
«Aragatnaşyk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, poçta ugratmalarynda Türkmenistanyň çäginden daşyna iberilmegi gadagan edilýän goýumlaryň sanawy tassyklanyldy.
26.06 2020
«Durnukly ösüş ulgamynda maksatlary durmuşa geçirmegi maliýeleşdirmek: maliýeleşdirmegiň integrirlenen milli gurallarynyň orny» atly halkara okuw maslahatynyň işiniň netijeleri boýunça Beýannama
25.06 2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary P.Agamyradowyň we G.Müşşikowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda dünýäde COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagynyň milli ykdysadyýetimize ýetirýän ýaramaz täsirleriniň öňüni almak ugrunda alnyp barylýan işler, bilim ulgamyndaky özgertmeleriň barşy we döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
25.06 2020
Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň onlaýn tertipde geçirilen 19-njy mejlisinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp ugurlary hem-de geljegi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
25.06 2020
Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan nobatdaky hoş habarda statistiki maglumatlara görä, Türkmenistanyň enäniň we çaganyň saglygyny goramakda dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň biri hökmünde ykrar edilendigi barada aýdylýar. BMG-niň geçen ýylyň netijelerine beren bahasy boýunça çagany dünýä inderen mahalynda eneleriň ölümi babatda ýurdumyzdaky görkeziji Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça iň pes görkezijileriň biridir.
25.06 2020
Türkmenistanda galla oragynyň depgini barha ýokarlanýar. Ekin meýdanlarynda gije-gündiziň dowamynda tutanýerli zähmet dowam edýär. Türkmen ekerançylary ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almak hyjuwynda sazlaşykly işleýärler.
1486 sahypa
Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler