21.09 2021

Şu gün paýtagtymyzda ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän, däbe öwrülen sergi milli ykdysadyýetimiziň haýran galdyryjy üstünlikleriniň aýdyň beýanyna, ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan mähriban halkymyzyň döredijilik güýç-kuwwatynyň subutnamasyna öwrüldi.

20.09 2021

Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar türkmen döwletiniň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şan-şöhratly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu serginiň uly üstünliklere beslenjekdigine berk ynanýaryn.

20.09 2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Giňişleýin mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.

20.09 2021

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi.

20.09 2021

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahaty ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, degişli halkara maslahaty geçirmek boýunça Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Şeýle hem resminama laýyklykda, Guramaçylyk toparyna “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň hem-de ösüşiň binýady” atly halkara maslahaty ýokary derejede guramak we geçirmek boýunça utgaşdyryş işlerini amala aşyrmagy üpjün etmek tabşyryldy.


20.09 2021

Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça öňe süren başlangyçlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak, şeýle hem Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitine düýpli taýýarlyk görmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, degişli sammitiň Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

20.09 2021

Türkmenistanyň 2021-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, Türkmenistanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji duşuşygyny guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, degişli duşuşygy geçirmek boýunça Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

20.09 2021

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň wekiliýetleri 2021-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda degişlilikde, Özbegistan Respublikasynyň Buhara we Horezm welaýatlarynda gulluk iş saparynda bolar.


20.09 2021

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen Sarkisýana we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana hem-de bu ýurduň dostlukly halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

19.09 2021

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 291-si hasaba alyndy.

1472 sahypa
Soňky habarlar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
07.05
Watan gahrymanlarynyň hormatyna dabaralar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi