6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň daş-töweregini bagy-bossanlyga öwürmegiň giň gerimli nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Bu ägirt uly maksatnamany amala aşyrmaga halkymyz işjeň gatnaşýar. Döwlet Baştutanymyz adamlaryň oňaýly ýaşamagynyň we dynç almagynyň amatly mümkinçiliklerini döretmegiň möhüm şerti hökmünde bu asylly işe aýratyn üns berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň berkarar Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegi, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmagy ugur edinýän strategiýasy senagat toplumyny innowasiýa taýdan ösdürmäge, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ýubileý ýylynyň 10 aýynda Hökümetiň alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi we hödürlenen resminamalara seredildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gündelik wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Abdrahmanow Şahyma käýinç yglan edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy Rejepow Döwletgeldi Jumadurdyýewiçe käýinç yglan edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa birinji Ykdysady forumyna gatnaşmak üçin, 2021-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
Glazgo şäherinde Şotlandiýanyň maslahatlar merkezinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna (COP26) hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Wise-premýer forumda türkmen tarapynyň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak hem-de onuň ýaramaz täsirlerini peseltmek meselelerinde halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlar bilen çykyş etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň söwda toplumyndaky işleriň ýagdaýyna hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjow, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2021-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi hem-de beýleki birnäçe meselelere garaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri Ataýew Wepaly Durdymuhammedowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.