16.10 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

16.10 2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

16.10 2022

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Sloweniýa Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy, türkmen halkyna bolsa rowaçlyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

16.10 2022

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň bilim ministri Ataýewa Gurbangül Kakalyýewna berk käýinç yglan edildi.

15.10 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary boldy. Onuň çäklerinde Astanada ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu gepleşikler dost-doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň berk binýadyna, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.

15.10 2022

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň çagyrmagy boýunça 2022-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary boldy. 

15.10 2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň Bartyn welaýatyndaky kömür şahtasynda bolup geçen partlamanyň, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.

15.10 2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Abdel Latif Raşide Yrak Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

15.10 2022

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz bu ýerde köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümine taýýarlyk işleri we bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

15.10 2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäheriniň Baş metjidine baryp gördi. Bu täze metjit şu ýylyň awgust aýynda açylyp ulanylmaga berildi.

1470 sahypa
Soňky habarlar
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara